Güýz­lük bug­daý eki­şi­ne ba­dal­ga be­ril­di

6 Sentýabr 2024
23

4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 30-njy aw­gust­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de daý­han­la­ry­my­zyň yh­las­ly zäh­met çe­kip, ýer­den bol ha­syl al­mak­la­ry üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Oba ho­ja­ly­gy­ny öz­gert­mek, hu­su­san-da, pu­da­ga tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, onuň önüm­çi­lik inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi pu­da­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de hem mö­hüm or­na eýe­dir.