«Dädem gorkut gelip şatlyk çaldy...»

6 Sentýabr 2024
71

Halkymyzyň aýdym-saz medeniýeti milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen aýdym-saz gurallary döredilýän şirin mukamlaryň maýasydyr. Şeýle ajaýyp saz gurallarynyň biri gadymy döwürlerde döredilen şadyýan saz guralydyr. Ylmy çeşmeler onuň şatlyk ady bilen dürli edebi gymmatlyklarda gabat gelýändigini habar berýär.

Şadyýan — şatlyk agaçdan ýasalyp, üflenip çalynýan saz guraly bolmak bilen, bir garyşdan gowrak uzynlykdadyr. Ol ujuna gamyşdan tüýdük geýdirilip çalnypdyr. Onuň üst ýüzünde dört, arkasynda bolsa bir deşigi bolupdyr. Aşagy giň, üsti inçelip gidýän bu saz guraly, umuman, dürtgüç ýaly görnüşde bolupdyr.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.