Garaşsyzlyk bagtymyzyň ganaty

5 Sentýabr 2024
144

Mukaddes Garaşsyzlyk hakynda söz açylanda, göz öňüňde birbada hem geçmiş, hem geljek, hem şu gün janlanýar. Munuň sebäbi hakynda oýlananyňda bolsa, Garaşsyzlyk bagtynyň näderejede gymmatlydygyna, beýikdigine has-da içgin düşünýärsiň. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlyga geçen asyryň aýaklaryna eýe boldy. Muňa garamazdan, geçmişde pederlerimiziň garaşsyz bolmak arzuwyny amal etmek ugrunda göreşmekleri, her dem şonuň isleginde ýaşamaklary, berkarar döwlet gurmak üçin eden synanyşyklary garaşsyzlyk düşünjesiniň taryhyň gatlarynda müdimi ornaşmagyna sebäp boldy. Asyrlardan-asyrlary aşyp, heňňamlaryň hakydasy içre halkyň kalbynda ýaşap gelen bu arzuw bagtyýarlyk döwrümizde hasyl bolup, ata Watanymyzyň mertebesine mertebe, şanyna-şan goşdy. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk şu günümize ýalkymly nur saçyp, durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna millilik bilen bir hatarda, täzeçillik ruhuny çaýdy. Bu bolsa garaşsyz bolmak arzuwyna gol berip, öz arzyly arzuwyna ýeten türkmeniň geljeginiň mundan hem nuranadygynyň, şöhratlydygynyň kepili bolup, äleme ýaýyldy. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň beýleki baýramlara garanyňda has dabaraly, has şowhunly, has derejeli geçýändigini-de hut şu aýratynlyklar bilen delillendirip bolar.

Garaşsyzlyk — bu türkmen dutarynyň şirwan perdede ýaňlandyran iň şirin hem joşgunly sazydyr. Bu sazyň owazynyň häli-häzirler hem asyrlaryň aňyrsyndan eşidilip durmagynyň örän inçe hikmeti bar. Ol saz geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ýüreklerinde döräp, olaryň ömürlerinden soň hem ýaşamagy dowam eden gudrat. Çyn arzuwlaryň hasyl bolmak üçin döreýändigini inkär etjek tapylmaz. Muňa halkymyzyň müňlerçe ýyllyk ýaşy bolan berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwynyň wagtyň synagynda synman, biziň günlerimize gelip ýetip, öz myradyna gowuşmagy-da aýdyň subutnamadyr.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».