Meniň dostum — ýolyşyk

5 Sentýabr 2024
103

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli “Meniň dostum — ýolyşyk” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan duşuşyga mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylyň 1—30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlygyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüň duşuşykdaky çykyşlaryň özeni boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Meýlismyrat Myradow “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de  onuň çäginde guralýan çäreleriň netijeliligini gazanmakda edilýän tagallalaryň üstünde durup geçdi.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.