Döwre buýsanç — göwünlere şatlyk

5 Sentýabr 2024
77

Adam eden gowy işleri bilen ömrüni bezäp bilýär. Halk bolsa gowy işleri bilen tutuş döwrüni bezeýär. Şonda halkyň özem, ýaşaýan döwrem beýgelýär. Elbetde, şu kysmy beýik işleriň amala aşyrylmagy netijesinde döwletiň ykdysady kuwwaty-da artýar. Döwlet näçe kuwwatly bolsa, onuň raýatlaryň gowy durmuşda ýaşamagy üçin edýän işleri-de şonça düýpli bolýar we ol durmuşyň ähli taraplaryny gurşap alýar. Bu biziň ýurdumyzyň mysalynda-da ähli ajaýyplygy bilen ýüze çykýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň düýp many-mazmuny, gözükdiriji güýji häzirki döwürde has giňişleýin açylýar.

Döwleti beýik ösüşlere ýetirmek üçin milli başlangyç gerek. Şeýle başlangyçlary bolsa Milli Liderler öňe sürýärler. Ýene-de bir gerek zat bar, olam gurmaga, döretmäge ukyply agzybir il-gün. Şolar bir ýere jem bolanda, döwletimizde bolşy deýin, halkyň şu güni we geljegi diňe gowulyk bolar. Muny Garaşsyz Türkmenistanyň 33 ýyllyk tejribesi-de subut edýär. 33 ýyl taryhy nukdaýnazardan çäkli görünse-de, bu döwrüň içinde juda ajaýyp hem beýik ösüşler gazanyldy. Çünki halk agzybir bolanda aňy-paýhasy, başarnygy-üşügi, hyjuwy-gaýraty bilen gudrat döredýär. Şeýle agzybir halkymyzdan goldaw tapan döwletimiz uzak bolmadyk döwrüň içinde azyk bolçulygyny, müňlerçe kilometre uzap gidýän gaz, elektrik geçirijilerini, aragatnaşyk ulgamlaryny, gara, deňiz, suw we howa ýollaryny, şäherleri, köprüleri, üstaşyr geçelgeleri... eliň keramaty, ýüregiň emri bilen gurdy. Bu babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimiz juda kän. Geliň, anyk mysallaryň käbirine ýüzleneliň! Mysal üçin, 2009-njy ýyldan bäri geçen 15 ýylyň içinde öndürilen jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artypdyr. Bu bir wagtlar çig mal, esasan-da, pagta öndürýän ýurt hökmünde garalýan, halkyň gündelik sarp edýän harytlarynyň tas ählisini diýen ýaly daşyndan getirýän Türkmenistan, onuň halky üçin buýsandyryjy görkezijidir.

Seýitguly GELDIÝEW.
«Türkmenistan».