Garaşsyzlyk şuglasy

4 Sentýabr 2024
85

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe joş urýan döredijilikli zähmete watansöýüji raýatlarymyz öz ýürek urgusy, bilim-başarnygy bilen goşulyşýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurtda höküm sürýän asudalyk, abadanlyk, bagtyýarlyk her birimiziň durmuşymyzda şöhlelenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna ildeşlerimiz zähmet üstünlikleri bilen barýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolundaky ýetilen sepgitler, dürli ugurda gazanylýan guwandyryjy üstünlikler her bir ildeşimiziň kalbyny buýsandyrýar. Biziň halkymyz öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýup, eziz Watanymyzy agzybirlikde çekilen zähmet bilen özgertmegi, gül-gülzarlyga beslemegi başarýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli mirasymyzy, taryhy, medeni, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklap, nesillerden nesillere geçirmek, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri hem döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, halkymyzy täze gymmatlyklary döretmäge ruhlandyrýar. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi, bu ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň möçberli çäreleriň geçirilmegi, şeýle hem milli gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilmegi munuň guwandyryjy mysallary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ösüşiň uzakmöhletleýin maksatnamalaryny meýilnamalaýyn amala aşyrýan kuwwatly döwlet hökmünde has-da berkeýär, halkara abraýy artýar. Bu gün eziz Watanymyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlet bolmak bilen birlikde, milli aýratynlyklary, halkyň bähbidini, hukuklaryny nazara alyp ösýän güýçli döwlet hökmünde tanalýar. Garaşsyz Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşiň giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirilip, ol her ulgamy gurşap alýar. Halkyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar, ýaşlaryň döredijilik başlangyçlary goldanylýar.

Göwher DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.