Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar

30 Awgust 2024
111

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň gysga wagtda amala aşyran işleri gerim we netije babatda akylyňy haýran edýär. Bu ynsanperwer işler Türkmenistanyň çäginden çykyp, has uzaklara — dünýä giňişligine ýaýraýar. Haýyr-sahawat gaznasynyň artýan abraýy, gürrüňsiz, Milli Liderimiziň tagallasy, belent adamkärçilik häsiýeti bilen pugta baglanyşyklydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 27-nji awgustda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda hem haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ýaş nesliň saglygyny dikeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. «Akylly» şäheriň açylan we haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri Gahryman Arkadagymyz olar bilen baglanyşykly alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklaýar.

Ýazga geçiren Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».