gyzykly pursatlara baý boldy
Şu ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine hem öwrüldi. Ol kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky giň göçme meýdançada ýaýbaňlandyryldy.