Bilimli ýaşlar — Watan daýanjy

29 Awgust 2024
90

Etrabymyzdaky 64-nji orta mekdepde geçirilen dabaraly maslahat Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlandy. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen at bilen geçirilen maslahata ýaşulular, etrabyň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi hem görnüşi ýaly, ata Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlar aýratyn alada bilen gurşalyp alnandyr. Ýaş nesliň bilimleri çuňňur ele almaklaryny gazanmak maksady bilen her ýyl bilim edaralarynyň döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle hem maslahatda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek, ýaşlaryň bilim almaga höwesini artdyrmak, olary döredijilige ruhlandyrmak boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan möhüm meseleler dogrusynda gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda jemgyýetçilik-syýasy çärelere işjeň gatnaşýan mugallymlara partiýamyzyň etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýusup BAZAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň bölüm müdiri.