Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine Ak bugdaý etrabynda hem ähli taraplaýyn taýýarlykly barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlar geçirilýär.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan wagyz-nesihat çärelerinde ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hem-de döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde onuň möhüm orny barada gürrüň edilýär.