Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

26 Awgust 2024
47

24-nji awgustda Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry bi­len ýur­du­my­zyň bi­lim iş­gär­le­ri­niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu mas­la­hat­da ge­çen okuwy­ly­nyň je­mi jem­le­nil­di hem-de tä­ze 2024-2025-nji okuw ýy­lyn­da öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Mas­la­hat baş­lan­maz­dan öňür­ti, oňa gat­na­şy­jy­lar Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň eý­wa­nyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan ser­gi­ni syn­la­dy­lar hem-de bu ýer­de gu­ra­lan aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ra to­ma­şa et­di­ler. Ser­gi Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­re ba­gyş­la­nyp, ýur­du­myz­da bu ul­ga­my ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di.