Döwrebap şertler döredilýär

26 Awgust 2024
59

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da Mil­li Li­de­rimiziň hem-de Hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de döw­le­ti­mi­ziň güm­rük eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Tä­ze gu­rul­ýan hem-de düýp­li dur­ky tä­ze­len­ýän güm­rük no­kat­la­ry­na döw­re­bap bar­lag en­jam­la­ry, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy howpsuz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge hem-de güm­rük işi­ni hal­ka­ra de­re­je­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ama­la aşyr­ma­ga uly müm­kin­çi­lik bo­lup dur­ýar.

Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň güm­rük eda­ra­la­ry­nyň tä­ze bi­na­la­ry­ny gur­mak, ola­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek hem-de har­by gul­luk­çy­lary döw­re­bap gul­luk ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ bilen üpjün etmäge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de ýur­du­my­zyň Le­bap we­la­ýat güm­rük­ha­na­sy­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry üçin ni­ýet­le­ni­len ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň açyl­ma­gy hem-de bu da­ba­ra­da ýur­du­my­zyň ser­het­ýa­ka güm­rük no­kat­la­ry­na dür­li gör­nüş­li gul­luk aw­tou­lag­la­ry­nyň sow­gat be­ril­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­lidir. Ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýat güm­rük­ha­na­sy­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry üçin ni­ýet­le­ni­lip, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de gur­lan gul­luk ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň açylyş pursadyna hem şa­ýat bol­duk. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň en­çe­me güm­rük no­kat­la­rynyň düýp­li dur­ku­ny tä­ze­le­mek hem-de döw­re­bap bar­lag-rent­gen en­jam­la­ry­ny or­naş­dyr­mak iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň özi gel­jek­de ýur­du­my­zyň güm­rük eda­ra­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge, güm­rük iş­le­ri­ni hal­ka­ra de­re­je­sin­de alyp bar­ma­ga we ýur­du­my­zyň söw­da-ha­ryt do­lany­şy­gy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga uly iter­gi be­rer.

Mer­dan BA­LA­KA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň Aş­ga­bat şä­her güm­rük­ha­na­sy­nyň har­by gul­luk­çy­sy, ka­pi­tan.