Diýarymyzda diňe bir dürli önümçilik desgalaryny, bilim ojaklaryny, edara-kärhanalary döwrebap kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak işlerine däl, eýsem, ýurdumyzda tehnologiýa önümçiligini ýola goýup, milli önümleri öndürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrüň ösüşleri bilen aýakdaş gidip, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmaga hem-de elektron senagatyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasydyr.
«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy ýurdumyzda kompýuter tehnikalaryny öndürmekde işe girişmek bilen, eýýäm birnäçe ýyl bäri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň birinji synpa okuwa gidýän ähli körpelerine gowşurylýan, daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän önümleriniň ornuny tutýan milli haryt nyşanly noutbuk kompýuterleri bilen üpjün etmäge goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň 23-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasyna 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul ediljek okuwçylara sowgat bermek üçin 77 müň 820 sany «Bilimli» nyşanly noutbuk kompýuterleri bilen doly üpjün etmek tabşyryldy.