Ha­ýyr-sa­ha­wat­ly­lyk

26 Awgust 2024
36

Bir pu­ka­ra ýi­git bir ba­ýyň ga­py­syn­da bo­lup, köp ýyl­lap hyz­ma­ty­ny edip­dir. Ha­ky­ny alyp, oba­sy­na do­lan­mak­çy bo­lup dur­ka, onuň ýa­ny­na bir aýal ge­lip­dir. Ol: – Me­niň ada­mym ara­dan çyk­dy. Ol köp ber­gi edip­dir. In­di biz — özüm bi­len ýe­ke og­lum onuň ber­gi­le­ri­ni üz­me­li. Eger-­de ber­gi­le­ri üzüp bil­me­sek, ornu­na bi­ri­miz gyr­nak, bi­ri­miz hem gul hök­mün­de sa­ty­la­rys. Bu ba­ra­da eý­ýäm ka­zy ha­bar ber­di. Men di­leg­çi­lik edip, ber­gimi üz­mek üçin  ka­zy­dan pu­ry­ja al­dym. Ol ra­zy­lyk ber­di. Eý, Taň­ry ben­de­si, men bi­çä­re enä nä­me he­ma­ýat edip bil­seň, et. Bi­ziň ýa­ly na­ça­ra we ýe­ti­me hos­sar çy­kyp, gol­daw ber­seň, iki dün­ýä­de-de ýal­ka­nar­syň! – di­ýip­dir. Gar­şy­syn­da du­ran na­çar enä­ni üns­li diň­län ýi­gi­diň oňa ýü­re­gi awap­dyr. Ene­li-og­luň düş­jek gü­nü­ne gy­na­nyp­dyr. Öň hem ýe­ti­me-ýe­si­re, mä­tä­je kö­me­gi­ni gaý­gyr­man ýö­ren ýi­git ahy­ry: – Di­leg sa­lyp ge­le­niň işi­ni bi­tir­mez­lik ýag­şy däl. Hu­da­ýa şü­kür, ja­nym sag, iş­le­sem gu­jur-gaý­ra­tym bar. Ne­sip bol­sa, ýe­ne iş­läp, pul ga­za­na­ryn. Ha­ky­my hä­zir ene­li-og­la be­rip, so­gap ga­za­na­ýyn – di­ýip, enä­ni be­gen­di­rip goý­be­rip­dir. Mö­hü­mi bi­ten ene ýi­gi­de al­kyş ba­ry­ny aý­dyp­dyr. Ýi­git hem öz ýo­ly bi­len gi­di­be­rip­dir. Ýa­dap, gi­jä­niň bir wag­ty dynç al­jak bo­lup, ýo­luň gy­ra­syn­da­ky bir sa­za­gyň düý­bün­de gy­şa­ryp­dyr. Ba­da-bat uka gi­dip­dir. Şol gi­je bir ak sak­gal­ly ýag­şyza­da sy­pat­ly ýa­şu­ly onuň düý­şü­ne gi­rip: – Şu gün sen örän uly so­gap iş et­diň, ogul! Gy­şa­ryp ýa­tan sa­za­gyň düý­bi boş däl­dir. Gaz­saň, ha­zy­na­nyň üs­tün­den ba­rar­syň! – di­ýip­dir. Dog­ru­dan hem, er­te­si oýa­nyp ýi­git sa­za­gyň düý­bü­ni ga­zyp gör­se, ol ýer­de tyl­la­ly hum bar eken.

Bek­gi ARS­LA­NOW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­m-öw­re­ni­jisi, Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar baý­ra­gy­nyň eýe­si, ýaş alym.