Ykjam taýýarlyk bilen

23 Awgust 2024
120

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işinde etrabymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň agzybir işgärleri ýokary işjeňlik görkezýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly we döredijilikli zähmet çekýärler. Ýetip gelýän täze okuw ýylynyň öň ýanyndaky günlerde bolsa geçen döwürde bitirilen işlere seljerme berlip, jogapkärli wezipeler kesgitlenilýär, öňdebaryjy iş tejribeleri umumylaşdyrylýar.

Etrabymyzda çagalar bakja-baglarynyň 13-si bolup, olarda öz kärini söýýän we ýokary başarnykly hünärmenler zähmet çekýär. Bu işde aýry-aýry işgärlerimiz has tapawutlanýarlar. Olaryň biri-de 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülüstan Haýydowadyr. Ol üstümizdäki ýylda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldy. Şu çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Hemrägül Annageldiýewa, 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Abadan Annaýewa, 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ogulsapar Pirgulyýewa, 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy Tawus Nobatowa, aýdym-saz mugallymlary Begenç Rahmanow, Şaýmerdan Pirow, 2-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Sülgün Jumageldiýewa dagy has göreldeli zähmet çekýärler.

Şöhrat ŞAMMYÝEW,
Halaç etrap bilim bölüminiň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminiň baş hünärmeni.