Tennis boýunça ABŞ-da geçirilen «Sinsinnati Açyk» ýaryşynda erkekleriň arasynda italiýaly Ýannik Sinner, zenanlardan belarusly Aryna Sabalenka ýeňiji boldy.
«Masters 1000» ýaryşlarynyň biri bolan bäsleşigiň erkekleriň arasyndaky finalynda Sinner ýer eýelerinden amerikaly Franses Tiafouny 7:6 we 6:2 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň 3-nji «Masters» çempionlygy bolup, ol martda Maýamide, geçen ýylam Kanadada «ATP 1000» ýaryşlarynda ýeňiş gazanypdy. Bu onuň umumylykda 15-nji ATP Kubogydyr.