Kanunçylyk düşündirildi

23 Awgust 2024
99

Zähmeti goramak boýunça kanunçylygy ilata düşündirmek maksady bilen, şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda etraplarda wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda bolan maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi hem-de Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň etrap bölümi tarapyndan guralan maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi we ýokary derejede dynç almagy ugrunda edilýän aladalar dogrusyndaky gürrüňe aýratyn ähmiýet berildi.

Meýlismyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy.