Abadan durmuşy nazarlap

21 Awgust 2024
88

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy Türkmenistanyň çägindäki eýeçiligiň görnüşine garamazdan binalardyr desgalaryň we olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini pugta berjaý etmäge çagyrýar.

Binalardyr desgalaryň we olaryň çäklerinde önümçilik galyndylaryny, zir-zibilleri ýakmak gadagandyr. Geçelgeleriň we halas ediş ýollarynyň ugurlarynda päsgelçilik döredijileri goýmak bolmaýar, şeýle hem jaýlaryň üçeklerinde dürli goşlary we ýanyjy çig mallary saklamaly däl. Işiň ahyrynda işjeň ýagdaýdaky elektrik enjamlary, gurallary we elektrik kabul edijileri gözegçiliksiz galdyrmak gadagandyr. Ýeňil tutaşýan, ýanyjy suwuklyklar bilen otaglary arassalamak, näsaz we döwlet ülňülerine gabat gelmeýän dürli elektrik enjamlary ulanmak düzgüne laýyk däldir. Üçek örtüklerini ýylatmak üçin ýanyjy çig mallary düşemek, jaýlary bellenilen kadadan çykyp, goşlardyr çig mallar bilen doldurmak gadagandyr. Edaranyň çäginde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we raýatlaryň wagtlaýyn ýaşamagyna ýol bermek kada laýyk däldir.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.