Il-ýurt bähbitli möhüm ädimler

20 Awgust 2024
109

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek barada ileri tutulýan wezipelere garalar. Eziz Watanymyzyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň, halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa döwlet Garaşsyzlygymyzdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 33 ýyl dolýar.

Näzik ÝOLLYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.