Döwrebap harytlar hödürlenilýär

18 Awgust 2024
192

Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerinde mekdep bazarlaryna möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky iri söwda merkezleriniň, bazarlaryň ýanynda döredilen göçme söwda nokatlarynda ildeşlerimize mekdep harytlarynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işläp başlamagy ata-eneleriňdir çagalaryň, talyp ýaşlaryň täze okuw ýylynda gerek bolan harytlary bir ýerden satyn almagyna ýardam edýär. Bu bazarlar zerur harytlar bilen üpjün edilendir.

Gülistan EŞANOWA,
Şabat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.