ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp we häzirki wise-prezident Kamala Harris ABC teleýaýlymynda 10-njy sentýabrda teleçekişme geçirmek barada ylalaşdylar.
ABC-niň beýanatynda Pespublikan partiýadan prezidentlige dalaşgär Donald Tramp we Demokratik partiýadan onuň bäsdeşi Kamala Harris telewideniýede guraljak çekişmä gatnaşýandyklaryny tassykladylar. Tramp Florida ştatynyň Palm-Biç şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda, Harris bilen üç teleçekişme geçirmekçidigini aýtdy.