Mu­ham­mad Ýu­nus ka­sam ka­bul et­di

16 Awgust 2024
88

Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça No­be­l baý­ra­gy­nyň eýe­si Mu­ham­mad Ýu­nus Bang­la­de­şiň wagt­la­ýyn hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy hök­mün­de ka­sam ka­bul et­di. Paý­tagt Da­kka­da­ky Pre­zi­dent köş­gün­de 84 ýaş­ly Mu­ham­mad Ýu­nus we wagt­la­ýyn hö­kü­me­tiň beý­le­ki tä­ze ag­za­la­ry Pre­zi­dent Mu­ham­mad Şa­ha­bud­di­niň gat­naş­ma­gyn­da ka­sam ka­bul et­di­ler. Ýu­nus özü­ne bil­di­ril­ýän ynam üçin ho­şal­lyk bil­dir­di we ýurt­da er­kin saý­law­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­li­giň dö­re­dil­jek­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le­lik­de, Ýu­nus wagt­la­ýyn hö­kü­me­tiň baş ge­ňeş­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­nip, bu de­re­je Prem­ýer-mi­nist­riň we­zi­pe­si bi­len deň­dir. Tä­ze wagt­la­ýyn Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň dü­zü­min­de 16 ag­za bar.

Go­laý­da Prem­ýer-mi­nistr Şeýh Ha­si­na Wa­zed işin­den çe­ki­ldi. Şon­dan soň ýur­duň Pre­zi­den­ti Şa­ha­bud­din wagt­la­ýyn hö­kü­me­tiň gu­rul­ma­gy­na ýol açyp, par­la­men­ti ýa­tyr­dy. Mu­ham­mad Ýu­nus dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne we jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­ne go­şan go­şan­dy üçin 2006-njy ýyl­da No­be­liň Pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Hu­su­san-da, ol özü­niň esas­lan­dy­ran ban­ky­nyň üs­ti bi­len Bang­la­de­şiň oba ila­ty­na az möç­ber­li karz­la­ry be­rip baş­lan­dan soň, oňa mik­ro­ma­li­ýe­leş­dir­mek we mik­rok­re­dit bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy hü­när­men diý­lip, ba­ha be­ril­di.