Aktaudan medallaryň ikinji toplumy

15 Awgust 2024
139

Türkmenistanly ýetginjek boksçular gazagystanly meşhur boksçy Bokenbaý Saktaganowyň ýadygärligine bagyşlanyp, ýakynda Aktau şäheriniň «Dosan batyr» sport toplumynda geçirilen halkara ýaryşda medallaryň altysyna mynasyp boldular. Has takygy, türkmen türgenleri bir altyn, bir kümüş we dört sany bürünç medal gazandylar.

Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň sport wekillerini özünde jemlän halkara ýaryşda türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny 54 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jeýhun Döwranow gazandy. Meýlis Şadurdyýew bolsa 57 kilograma çenli agram derejesinde final tutluşygyndaky garşydaşyndan ýeňlip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Ýaryşda 48 kilograma çenli agram derejesinde Hangeldi Lukmanow, 60 kilograma çenli derejede Mekan Sabyrow, 63,5 kilograma çenli türgenleriň arasynda Annageldi Jumamyradow we 67 kilograma çenli derejede Atageldi Seýidow dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».