Täsirli geçen duşuşyk

13 Awgust 2024
139

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Beýik şahsyýetlerimizi hormatlap» ady bilen duşuşyk geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilelikde gurady.

Duşuşykda özüniň manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden beýik ynsan, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömri, belent adamkärçiligi, ynsanperwer häsiýetleri dogrusynda çykyşlar boldy. Gökdepe etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň müdiri, Hormatly il ýaşulusy Kakageldi Atdaýewiň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri Ogulşat Durdyýewanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy Baýramgeldi Ataýewiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Ogultäç Gurtgeldiýewanyň çykyşlarynda Mälikguly aganyň ömür we durmuş ýolunyň watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, il-güne mynasyp nesilleri terbiýelemegiň we milli ruhy-ahlak ýörelgelerimize hormat goýmagyň nusgalyk mekdebidigi barada aýdyldy.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.