Demokratik ýörelgeleriň rowaçlanmasy

13 Awgust 2024
143

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda söhbetdeşlik geçirildi. Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlik Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 33 ýyla golaý döwründe berkarar Watanymyzda bolup geçen taryhy özgertmeler, üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik taslamalar, döwletli başlangyçlar barada gürrüň edip, ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmekde, jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny dogrusyndaky söhbede aýratyn ünsi çekdiler. Çykyş edenler şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Watanymyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleriň jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, bu umumymilli forumyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljekdigini buýsanç bilen bellediler.