Usuly-amaly okuwlar

13 Awgust 2024
133

Şu günler ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Ak bugdaý etrabynda hem bilim işgärleriniň etrap usuly-amaly okuwlary dowam edýär. Etrap derejesindäki usuly-amaly okuwlar etrapdaky 1-nji, ýöriteleşdirilen 45-nji we 46-njy orta mekdeplerde geçirilýär.

Usuly-amaly okuwlaryň guramaçylykly geçmegi ugrunda etrap bilim bölümi tarapyndan öňünden döredilen şertler, edilen tagallalar ýerine düşýär. 12-nji awgustda badalga alan usuly-amaly okuwlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri, ýokary netijeli iş tejribeler, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Ogulşat ÇARYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.