“Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”

12 Awgust 2024
81

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Ata-babalarymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, maslahat etmek esasy ýörelgeleri bolupdyr. Pederlerimizden miras galan şeýle asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär.

Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşýar, baýramlar uly dabaralar bilen bellenilýär. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlarys. Şeýle şanly baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçiriler. Türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen asylly ýörelgelere eýerilip, millilik ýoly dowamat-dowam bolýar. Halk Maslahaty hem asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirlik, milli demokratik ýörelgelerimiziň döwrebap ösdürilýän ugurlarydyr. Taryhda ata-babalarymyz hem il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri çözüpdirler. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakyllar, atalar sözleri hem bize ýol-ýörelge bolup durýar. “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Ýedi ölçäp, bir kes” diýlen nakyllar türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar.

Laçyn HAÝDAROWA,
Dänew etrabynyň 22-nji “Erteki” çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.