Bagtyýarlygyň mekany

9 Awgust 2024
91

Aňrysyna-bärisine göz ýetmeýän gojaman Hazar ençeme asyrlar bäri kenarynda ýaşaýan halklar üçin rysgal-berekediň we sagdynlygyň çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Bu deňiz biziň günlerimize çenli özüniň ajaýyp gözelligini hem-de tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazarýaka sebitinde ýaşaýan halklaryň, şeýle hem tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine tebigatyň ajaýyp peşgeşini gorap saklamak, deňziň düýbündäki uglewodorod we mineral serişdeleriň bimöçber gorlaryny rejeli peýdalanmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň esasyny düzýär.

Hazaryň kenarynyň jana şypaly howasy, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy her ýyl müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda ýokary ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň oňyn netije berýändigini tassyklaýar. Soňky ýyllarda keşbi düýpli özgeren we bagy-bossanlyga bürenen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy adamlaryň gezelenç etmegi, oňaýly dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemläp, häzirki zamanyň ösen talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki pikirden ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler eziz Diýarymyzy halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň we sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär.

Ýazberdi ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.