0,005 sekunt öňürti geldi

9 Awgust 2024
108

Je­mi 48 al­tyn me­da­lyň gow­şu­ryl­jak sport ug­ry ýe­ňil at­le­ti­ka­da il­kin­ji 7 gün­de 25 gör­nü­şiň ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy.

Er­kek­le­riň ara­syn­da 100 metr yl­gaw­da ame­ri­ka­ly Noa Laýlz ýe­ňi­ji bo­lup, al­tyn me­dal 20 ýyl­dan soň ABŞ-ly tür­gen­le­re gaý­dyp gel­di. 0,005 se­kunt­lyk ara­ta­pa­wut bi­len 2-nji ýe­ri eýe­län ýa­maý­ka­ly Ki­şa­ne Tomp­son kü­müş, baş­ga bir ame­ri­ka­ly Fred Ker­li bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. 400 metr yl­gaw­da-da ame­ri­ka­ly Ku­in­si Holl al­tyn, bri­ta­ni­ýa­ly Matt­ýuw Had­son-Smit kü­müş, zam­bi­ýa­ly Mu­za­la Sa­mu­kon­go bü­rünç me­da­ly eýe­le­di. 1500 metr yl­gaw­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daýda ame­ri­ka­ly Ko­ul Ho­ker Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny tä­ze­läp, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy (3:27,65 mi­nut). Bri­ta­ni­ýaly Joş Kerr kü­müş, ame­ri­ka­ly Ýa­red Nu­gu­se bü­rünç me­dal al­dy. Soň­ky çem­pi­on, re­kor­dyň ozal­ky eýe­si Ýa­kob In­geb­rigt­sen 4-nji ýer bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy. 10000 metr yl­gaw­da ugan­da­ly Jo­şua Çep­te­gei 26 mi­nut 43,14 se­kunt­da ýa­ry­şy ta­mam­lap, Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny goý­dy we al­tyn me­da­ly ga­zan­dy. Päs­gel­çi­likli 3000 met­re yl­ga­mak­da ma­rok­ko­ly So­fi­an El Bak­ka­li bas­syr 2-nji ge­zek Olim­pia­da­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. 20 km ýö­riş ýa­ry­şyn­da ek­wa­dor­ly Bra­ýan Pin­ta­do bu ugur­da ýur­du­na 28 ýyl­dan soň al­tyn me­dal ga­zan­dyr­dy. Dün­ýä çem­pio­ny, is­pan­i­ýa­ly Al­wa­ro Mar­tin bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy.