ÝÜZMEK

9 Awgust 2024
107

4-nji altyn medalyny-da Olimpiýa rekordy bilen aldy. Tä­ze Maýkl Felps ha­sap­lan­ýan fran­si­ýa­ly 22 ýa­şyn­da­ky ýü­zü­ji Le­on Mar­şa­n Pa­riž 2024-de 4-nji al­tyn me­da­ly­ny-da boý­nu­na dak­dy. Mar­şan 200 met­re ga­ry­şyk ýüz­mek­de 1 mi­nut 54,6 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol bu ugur­da Maýkl Felp­siň Pe­kin­de go­ýan re­kor­dy­ny-da (01:54,23) tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Şol bir wag­tyň özün­de ol Ýew­ro­pa­nyň re­kor­dy­ny hem tä­ze­le­di. Bu onuň Pa­riž­dä­ki 4-nji al­tyn me­da­ly bo­lup, ol şol 4 al­tyn me­da­ly-da Olim­pi­ýa re­kor­dy­ny go­ýup ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Bu ugur­da bri­ta­ni­ýa­ly Dan­kan Skott kü­müş, hy­taý­ly Wan Şun bü­rünç me­da­lyň eýe­si bol­dy.

Er­kek­le­riň ara­syn­da 50 met­re er­kin ýüz­mek­de awst­ra­li­ýa­ly Ka­me­ron Ma­kE­woý al­tyn, bri­ta­ni­ýa­ly Ben Praud kü­müş, fran­si­ýa­ly Flo­ren Ma­lu­da bü­rünç me­dal ga­zan­dy.