2024-nji ýylyň «Buker» baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi. Şu ýylky abraýly baýraga hödürlenen 156 kitabyň 13-si sanawda orun aldy. Bu möwsümdäki Buker baýragyna dalaşgärleriň ýarysyna golaýy geçen ýyllardaky gatnaşyjylardan ybarat. Olaryň arasynda 20-den gowrak romanyň awtory bar. Mysal üçin, Persiwal Ewerett
2022-nji ýylda «Agaçlar» romany üçin gysga sanawa girizilipdi. Reýçel Kuşner («Mars otagy») we Riçard Pauers («Ýokarky hatar») ýaly awtorlar bolsa, Anna Bernsiň «Süýt satyjysyndan» asgyn gelip, 2018-nji ýylda gysga sanawa girizilipdi.