Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär, ajaýyp üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilen bu ýokary wekilçilikli edara halkymyzyň taryhdan öz gözbaşyny alyp gaýdýan maslahatlaşmak, geňeş etmek däbiniň aýdyň subutnamasydyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinden gürrüň etmek has-da ýakymlydyr. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşine gönükdirilen ähli maliýe çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depginleri has-da ýokarlanýar. Ykdysadyýetiň önümçilik ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň yzygiderli artdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidýär, milli manadyň kadaly hereketini ýola goýmaga, importyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmäge, eksporty artdyrmaga, halkyň iş bilen üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmaga, her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge ýardam berýär. 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6 aýynda dürli ugurlarda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Geçen döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime ýetirilmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşiniň bellenen çäkde üpjün edilmegi, önümçilik we durmuş maksatly täze desgalaryň ençemesiniň ulanylmaga berilmegi üstünlikli ösüşiň görkezijisidir.