Tizlikden ruhlanýan türgen

7 Awgust 2024
176

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli awtomobil sporty has hem rowaçlanýar. Ýylyň-ýylyna türkmen awtosportçularynyň abraýly halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Şu ýylda Russiýadan Mongoliýa  uzan «Ýüpek ýoly—2024» rallisinde türkmen türgenleriniň gazanan goşa ýeňşi ýurdumyzda sportuň bu görnüşini rowaçlandyrmak babatda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Ýaryşyň T2 görnüşi boýunça Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleriniň ikinji we üçünji orunlara hem-de ralliniň «SILK WAY 2024» kuboklaryna eýe bolmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýaşyl Tugumyzy ýeňiş bilen belentde parladan ussat awtosportçularyň arasynda welaýatymyzdan Didar Orazmedowyň hem bardygyny buýsanç bilen nygtamak zerur. Sürüji Maksatmyrat Daňatarowyň hem-de şturman Didar Orazmedowyň ekipažy awtorallide üçünji orny eýelemegi başardy.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».