«Arkadagly nesillerde» bagtdan paýly körpeler

7 Awgust 2024
104

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri, dynç alyş möwsümlerinde wagtlaryny peýdaly we şatlykly geçirmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesilleriň döwrebap dynç almaklaryna niýetlenen dürli binalardyr desgalar ýurdumyzyň çar künjegine bezeg berýär. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkezi hem şolaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.

Umumy tutýan meýdany 1,5 gektardan gowrak bolan çagalar medeni dynç alyş merkezi etrabyň bagtyýar körpeleri üçin arzyly ýerleriň birine öwrüldi. Merkeziň çägindäki attraksionlar, aýlanýan hiňňildikler, çagalar üçin awtodrom, oýun enjamlarynyň zaly, çaga oýnawaçlarynyň we azyk harytlarynyň dükany, garbanyşhana bu ýere dynç almaga gelýänleriň hyzmatynda. Toplumyň içini bezäp oturan ýaşyl baglar, reňbe-reň güller merkeze gelenleri özüne maýyl edýär. Bu ýere dynç almaga, oýun oýnamaga gelýän çagalaryň gülki sesleri uzaklara ýaň salýar.

Aýzada MUHAMMEDOWA,
«Balkan».