Awaza — dostluk mekany

5 Awgust 2024
155

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda — Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan çagalaryň dynç alşy gyzykly oýunlara, aýdym-sazly çärelere, sport ýaryşlaryna beslenýär. Deňziň kenarynda dynç alýan çagalar wagtlaryny şadyýanlykda geçirýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde guralýan medeni-köpçülik we sport çäreleriniň ilkinji günleri çagalar russiýaly deň-duşlary bilen tanyşlyklaryny has-da berkidip, özara dostlaşdylar. Badalga berlen medeni-köpçülik we sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, döredijilik we sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşdiler. «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Biz — Watan buýsanjy, bagtly çagalar» ady bilen asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalar bagtly çagalygy, şadyýan dynç alşy, dost-doganlygy wasp edýän suratlary, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan Gök asmanyň bezegi akja kepderileri çekdiler.

«Watan».