Ýaş türgeniň üstünlikleri

5 Awgust 2024
173

Ýurdumyzda çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Sportuň erkin göreş görnüşi bilen meşgullanýan şeýle bagtyýar jigilerimiziň biri-de ýaşajyk türgenimiz — Azatberdi Aşyrgulyýew.

Azatberdi Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiň 11-nji synpyny tamamlady. Ol eýýäm birnäçe ýyldan bäri erkin göreşiň inçe tilsimlerini ele alýar. Ol heniz alty ýaşyndaka paýtagtymyzda ýerleşýän Köpetdag stadionynyň «Zähmet» türgenleşik zalyna gatnap başlaýar. 2019-njy ýyldan bäri bolsa ol «Galkynyş» bedenterbiýe-sport toplumyna gatnaýar. Bu ýerde oňa halkara derejeli sport ussady Batyr Orazgylyjow tälim berýär. Tälimçiniň ussatlygy, şeýle-de ýaş türgeniň sportuň bu görnüşine bolan höwesi, yhlasy ony ýeňişlere, üstünliklere ýetirdi. Yzygiderli türgenleşiklere gatnap, her bir ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk gören jigimiz Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Onda-da iki gezek. Has takygy, Azatberdi 2022-nji ýylyň 23 — 25-nji dekabry aralygynda erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 48 kilogram, 2023-nji ýylyň 15-16-njy dekabrynda geçirilen erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginde bolsa 60 kilogram agram derejesinde çykyş edip, bu ýaryşlaryň ikisinde-de altyn medalyň eýesi bolmagy başardy.

Güljahan MYRADOWA,
«Güneş».