«Maksadym – suratkeş bolmak»

5 Awgust 2024
194

Maksada okgunlylyk, tutanýerlilik babatda çagajyklaryň erjelligine haýran galýarsyň. Çünki çagalara «Ulalanyňda kim boljak?» diýleninde, olar öz jogaplaryny pert aýdýarlar. Özi-de şeýle aýdyp goýbermeýärler, uly ynam bilen aýdýarlar. Eýýäm birnäçe wagt bäri surat çekmek bilen meşgullanýan Mähri Hemraýewa hem ussat suratkeş bolmagy berk ýüregine düwen jigilerimiziň biri.

Heniz çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazyň kagyzyň ýüzüni dürli reňkli boýaglar bilen boýap, bu işinden göwnühoş bolup oýnap-gülşüni synlan terbiýeçisidir enekesi, mekdepde onuň surat dersine ukybynyň ýokarydygyny aňan mugallymlary-da oňa şol ýörgünli sowaly beripdiler. Mähri şol wagtam bu sowala «suratkeş» diýip jogap berýär eken. Hatda bu ugurdan has ökdelemegi üçin ejesi Gülnahal gelneje ony ýörite surat mugallymlaryň birine berkidipdir. Soňra bolsa ol Darganata etrabyndaky çagalar sungat mekdebine gatnaýar we ukyp-başarnygyny has-da artdyrýar. Ol bu çagalar sungat mekdebini üstünlikli tamamlaýar.

«Güneş».