«Tesla» satuwyny ýokarlandyrdy

4 Awgust 2024
213

ABŞ-nyň «Tesla» kompaniýasy iýul aýynda hytaý bazarynda elektromobilleriniň satuwyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15 göterim artdyrdy. Has takygy, geçen aý kompaniýa Hytaýda 74 müň 117 sany elektromobil satypdyr.

Häzirki wagtda «Tesla» hytaý bazarynda elektromobil satmak boýunça «BYD» kompaniýasyndan soňra, ikinji orny eýeleýär. «BYD» iýul aýynda 340 müň 799 sany elektromobil satdy.