Halkyň agzybirligi — ýurduň berkararlygy

2 Awgust 2024
186

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşleridir özgertmeleri, şanly wakalary täze taryhymyza zer harplarda ýazylýar. Naýbaşy baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şeýle şanly wakalaryň biri bolup, milli demokratiýamyzyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüler.

Ajaýyp zamanamyzy ägirt uly üstünliklere besleýän agzybir halkymyz şu günler naýbaşy baýramyny ýokary derejede mynasyp garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Ildeşlerimiz mukaddes baýramy üstünliklere beslemek maksady bilen ýokary öndürijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýär. Ine, şanly toýuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi onuň dabarasyny has-da artdyrar.

Gurbanmyrat SÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.