Pa­riž­de sport baý­ram­çy­ly­gy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär

2 Awgust 2024
161

100 ýyl­dan soň 3-nji ge­zek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny gu­ra­ýan Pa­riž­de il­kin­ji­lik­le­re, tä­ze­lik­le­re, tä­sin­lik­le­re, me­de­ni­ýet-sun­gat eser­le­ri­ne baý bo­lan öz­bo­luş­ly açy­lyş da­ba­ra­syn­dan soň il­kin­ji 5 gü­nüň ne­ti­je­sin­de, me­dal sa­na­wyn­da hy­taý­ly­lar öň­de bar­ýar. Olar me­dal­la­ryň gow­şu­ry­lyp baş­la­nan gü­nün­den, ýag­ny 27-nji aw­gust­dan 31-nji aw­gus­ta çen­li ara­lyk­da 9 al­tyn, 7 kü­müş, 3 bü­rünç, je­mi 19 me­dal ga­zan­dy­lar. Ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa bol­sa 3-si­ni Le­on Mar­şa­nyň ga­za­nan al­tyn me­dal­lar­dan 8-si­ni alyp, 8 al­ty­ny bo­lan Ýa­po­ni­ýa­dan kü­müş me­dal­la­ry­nyň sa­ny bi­len öňe ge­çip, 2-nji ýer­de bar­ýar. Ola­ryň umu­my­lyk­da 26 me­da­ly bar. 3-nji ýer­dä­ki Ýa­po­ni­ýa­dan soň 7 al­tyn me­dal­ly Awst­ra­li­ýa 4-nji or­ny eýe­le­ýär. Ýe­ňil at­le­ti­ka ýa­ryş­la­ry­nyň hem baş­lan­ma­gy bi­len XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da ýe­ňiş ug­run­da­ky gö­re­şiň mun­dan soň ha­sam ýo­kar­lan­ma­gy­na, tä­ze-tä­ze re­kord­la­ryň go­ýul­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Esa­san hem, ýüz­mek ýa­ryş­la­ryn­da Olim­pi­ýa re­kord­la­ry­nyň tä­ze­len­ýän Pa­riž 2024 to­mus­ky Olim­pia­da­sy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär.

PARIŽDE 3 ALTYN MEDALA ÝETEN ILKINJI TÜRGEN