Sport baýramçylygy dowam edýär

31 Iýul 2024
192

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagty Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Sport janköýerleriniň garaşan iri halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem gatnaşdy. Däp boýunça Olimpiýa oýunlary her dört ýyldan bir gezek geçirilip, bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde sportuň dzýudo görnüşi boýunça S.Rahymow, M.Pardaýewa, agyr atletika boýunça D.Hasanbaýew, ýeňil atletikada W.Meredowa we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça M.Jalaýew, 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça A.Primowa dagy bar. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Pariž Olimpiadasynyň açylyş dabarasy stadionda däl-de, şäheriň merkezinde geçirildi. Bu dabara gatnaşýan türgenler Austerlis köprüsinden başlap, Sena derýasyndan gaýyklarda 6 kilometr ýüzüp geçip, Eýfel diňiniň öňündäki «Trokadero» meýdançasyna geldiler. Syýahatyň dowamynda türgenler Fransiýanyň paýtagtynyň gözel künjekleri bolan Notr-Dam, Luwr, Uly köşk, Pon-Nýof köprüsi we beýleki desgalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

(Ýörite habarçymyz).