TÜRKMEN HALKYNYŇ ASYLLY ÝÖRELGESI

31 Iýul 2024
144

Diýarymyzda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerini ykrar edip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak we şahsyýetiň ähli hukuklaryny we azatlyklaryny dolulygyna goramak ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri bir uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda hem mynasyp dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär. Döwletimizde halk bilen geňeşmek, halk maslahatlaryny yzygiderli geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Laçyn SÄHETGYLYJOWA
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň uly iş ýöredijisi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Halk maslahatynyň başlygy.