Halkara sport baýramçylygy dowam edýär

30 Iýul 2024
280

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 26-njy iýulda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Sport janköýerleriniň uly gyzyklanma we sabyrsyzlyk bilen garaşan ýokary derejeli iri halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Baýdagynyň belentde parlamagy biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylýan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň sport ulgamynda ösüşdir özgerişler, şanly wakalar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen türgenleri sebit we halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň belende galmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».