Halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleri döwrüň ruhuna laýyk ösdürilýär

29 Iýul 2024
127

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz döwlet Garaşsyzlygynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleriniň jemleniljekdigini, öňde duran möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dowam etdirilýän demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde täze belentliklere ýetýär. Ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, raýat jemgyýetiniň esaslary yzygiderli berkidilýär. Halk Maslahatynyň mejlisine raýatlarymyzyň bähbitlerini üpjün etmäge, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumy giriziler. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilýän Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eziz Watanymyzyň bagtyýar şu güni we nurana geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meselelere garalýar.

Sapar ATABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.