Tbiliside Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy

29 Iýul 2024
146

Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegiň çäklerinde 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda «Ahundowyň öýi» muzeýinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan guralýan Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisi açyldy.

«Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisiniň açylyş dabarasyna Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, professional suratçylar, şol sanda bu ugra höwesjeňler, medeniýet we sungat işgärleri, ylmy intelligensiýasy, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aýgül AŞYRMÄDOWA,
«Biznes reklama» gazetiniň jogapkär kätibi.