Döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy

29 Iýul 2024
128

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, jemgyýetimiziň abadançylygy we ählumumy ruhy galkynyş Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň ajaýyp miweleridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bu hakykat has-da aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Asylly däbe görä, şanly senäniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunda ýetilen sepgitleriň, gazanylan uly üstünlikleriň, bitirilen tutumly işleriň jemleri jemlener hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin täze wezipeler kesgitleniler.

Täzegül JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.