Ýaşlar — Watanyň daýanjy

26 Iýul 2024
209

Bu sözler diýleninde, ilkinji nobatda, uly ýeňişlere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, şol ýylyň tamamlanmagy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halkymyza sowgat eden adybir ajaýyp kitaby bilen baglanyşykly ýakymly oý-pikirler, gazanylan zähmet üstünlikleri, amala aşyrylan iri taslamalar, durmuşa geçirilen beýik işler ýadyňa düşýär. Olaryň galdyran ýakymly täsirleri kalplara şatlyk, ýüreklere buýsanç paýlaýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýän, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardygy hakyndaky esasy pikir millionlarça ýaş ýüreklere mäkäm ornaşdy, olaryň mähriban Diýarymyzy gülledip ösdürmeklige ýugrulan belent maksatlarynyň amala aşmagy üçin şamçyrag bolup şugla saçdy. Şonuň üçin bu kitap ýaşlarymyzyň hemişelik durmuş hemrasyna, ruhlaryny göteriji gymmatlyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň özlerine bildirýän beýik ynamy ýaşlaryň täzeçe pikirlenmelerine, işe çynlakaý, jogapkärli çemeleşmelerine itergi berdi.

Merdan JAPPAROW,
welaýat kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça bölüminiň kazyýet ýerine ýetirijisi.