«Atym bar — ga­na­tym bar»

25 Iýul 2024
166

«At — myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülipdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär.

Ahal­te­ke at­la­ry gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi, aja­ýyp­ly­gy, ýyn­dam­ly­gy, çe­ýe­li­gi we çy­dam­ly­ly­gy bi­len dün­ýä­de şan-şöh­ra­ta eýe bol­ýar. Was­py be­lent­den ýe­ti­ril­ýän be­hiş­di be­dew­le­ri­miz hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy bol­mak bi­len, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na go­şan çäk­siz go­şan­dy­dyr. Ýur­du­myz­da be­dew­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek we ola­ry se­ýis­le­mek bi­len meş­gul­lan­ýan, mil­li gym­mat­lyk hök­mün­de ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän at­la­ryň ne­sil ug­ru­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän us­sat at­şy­nas­lar, se­ýis­ler sar­pa­la­nyl­ýar. Bu asyl däp­ler hä­zir­ki dö­wür­de ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­ýar, at­çy­lyk pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Türk­men at­şy­nas­ly­gy­nyň bu ugur­da­ky hal­ka­ra ta­gal­la­la­ra go­şu­lyş­ma­gy bol­sa be­dew­le­riň baş sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gyn­da, dün­ýä at­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň öň­dä­ki orun­lar­da yk­rar edil­me­gin­de äh­mi­ýet­li ädim bo­lup dur­ýar. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz yl­my-bar­lag hem-de seç­gi­çi­lik iş­le­ri­niň al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny, bu iş­ler­de dün­ýä tej­ri­be­si­niň, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi­ni, ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň hü­när­men­le­ri­niň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni, mil­li at­çy­lyk spor­tu­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mö­hüm ugur­lar hök­mün­de kes­git­le­di. Bu­la­ryň äh­li­si ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň tä­ze nes­li­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge, ola­ryň şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.