Döw­let­li mas­la­ha­ta taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne ba­dal­ga

25 Iýul 2024
154

20-nji iýul­da Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň mej­li­si bol­dy. On­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ge­çi­ril­jek se­ne­si­ni kes­git­le­mek, de­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­ny dö­ret­mek we onuň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, döwlet Baştutanymyz 12-nji iýul­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek hem-de on­da döw­let ösü­şin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň jem­le­ri­ni jem­le­mek, öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hal­ky­my­zyň ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re buý­sa­nyp, döw­le­ti­mi­ziň be­ýik gel­je­gi­ne uly ynam bi­len ga­rap, je­bis­lik­de, ag­zy­bir­lik­de zäh­met çek­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Şun­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de top­lan baý ta­ry­hy tej­ri­be­si, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni ber­kit­mek, döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­ri ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni giň­den çek­mek ar­ka­ly mas­la­hat­la­şyp çöz­mek bi­len bag­ly ýö­rel­ge­le­ri bar­ha giň ge­rim al­ýar. Ýur­du­myz­da asyr­lar aşyp gel­ýän yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­re la­ýyk­lyk­da, yg­ty­ýar­ly jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­lis­le­ri­ni ge­çir­mek we sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy hem-de dur­muş ugur­la­ry­na de­giş­li ta­ry­hy äh­mi­ýet­li me­se­le­le­ri çöz­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň dö­re­den dün­ýä nus­ga­lyk ýag­şy des­sur­la­ry­nyň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dyr.