Ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dy­ryp

25 Iýul 2024
154

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Il­ki bi­len, par­la­men­ta­ri­le­riň ga­ra­ma­gy­na «Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň aý­ry-aý­ry saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça saý­la­ny­lan de­pu­tat­la­ry­nyň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny yk­rar et­mek ha­kyn­da» Mej­li­siň ka­ra­ry­nyň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 7-nji iýul­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 1-nji «Ga­raş­syz­lyk», 2-nji «Bi­ta­rap­lyk», 6-njy «Kö­pet­dag» saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça Mej­li­siň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­lar ge­çi­ril­di. Mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­re açyk­lyk we aýan­lyk ýag­da­ýyn­da, giň bäs­deş­lik esa­syn­da ge­çi­ril­di hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­gyň, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň dur­mu­şy­nyň de­mok­ra­tik esas­la­ry­ny ber­kit­me­giň ýo­lun­da no­bat­da­ky äh­mi­ýet­li ädim bol­dy. Bu wa­ka türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýur­du­my­zyň we hal­ky­my­zyň röw­şen gel­je­gi­niň bäh­bi­di­ne döw­let iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di. Şeý­le hem de­pu­tat­lar ta­ra­pyn­dan Mej­li­siň dü­zü­mi bi­len bag­la­ny­şyk­ly kä­bir gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di.